Baglar — zeminiň görki

5 Noýabr 2023
1436

Häzirki ajaýyp döwrümizde asylly ýörelgeler mynasyp dowam edýär, uly işler üstünlikli amala aşyrylýar. Şeýle asylly ýörelgeleriň biri hem bag nahallaryny oturtmakdyr, tebigatyň gözelligine goşant goşmakdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli işleriň özara sazlaşygy ösüşleriň netijeliligini görkezýär. Şeýle beýik işleriň hatarynda ýurdumyzyň tebigatyny goramak, has-da gözelleşdirmek ýaly ugurlary görkezmek bolar. Ynha, şonuň üçin hem her ýylda bag ekmek dabaralary rowaçlandyrylýar, halkymyz bu asylly işe işjeň gatnaşýar. Bag ekmek dabarasy 4-nji noýabrda hem geçirildi we oňa ildeşlerimiz uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

Ildeşlerimiziň köňül buýsanjy bolan Arkadag şäheri gözelligi, ajaýyp binalary, arassa tebigaty bilen buýsandyrýar. Şeýle ajaýyp şäherde tebigatyň gözelligine goşant goşmak, bag nahallaryny oturtmak buýsanjymyzy goşalandyrýar. Çünki ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygy, halkyň abadan durmuşda ýaşamagy möhüm şertleriň biridir. Şoňa görä-de, daşky gurşawy goramaga, tebigatyň täsin baýlyklaryndan rejeli peýdalanmaga we olary aýawly saklamaga, biodürlüligi köpeltmäge hem-de olary geljekki nesillere ýetirmäge gönükdirilen işleriň iňňän uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek gerek. Çünki tokaý zolaklarynyň döredilmegi tebigatyň gözelligini artdyrmak bilen bir hatarda, halkymyzyň abadan durmuşyny hem üpjün edýär. Arassa tebigat, bagy-bossanlyk adamyň saglygyna hem oňat täsirini ýetirýär. Şonuň üçin hem bu asylly işler çuňňur many-mazmuna eýe bolup durýar.

Akjagül GELDIÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.