Gymmatly hazyna

1 Noýabr 2023
1226

Ynsany bezeýän ajaýyp häsiýetleriň biri onuň edebidir. Ata-ene perzentlerini terbiýeli, süňňi halal, päk ahlakly, adamkärçilikli, Watana wepaly, zähmetsöýer, ar-namysly edip ýetişdirmek üçin uly alada edýär. Bu geçmişde-de şeýle bolupdyr. Nusgawy edebiýatymyza ser salanymyzda, olaryň ençemesiniň öwüt-ündew äheňlidiginden çen tutsaň, munuň şeýledigine aňyrýany bilen göz ýetirýärsiň. Olardan miras galan bu asylly gymmatlyklarymyz häzirki bagtyýar döwrümiziň buýsançly, gujurly, asylly ýaşlaryna ýol görkezijidir. Bu mukaddes ýörelgede sagdyn jemgyýet, kämil döwlet, abadan ojak bitewüligi jemlenýär. Edep-ekram, arassa ahlaklylyk maşgalanyň berkliginiň görkezijisi bolupdyr. Terbiýeli, sagdyn ruhly maşgala bolsa, jemgyýetiň, döwletiň daýanjy bolup durýar.

Näme üçindir, edep-ekram hakynda söz açanymyzda, ilki bilen, şirin sözli zenanlarymyz göz öňüne gelýär. Türkmen zenanlarynyň ajaýyp keşbi asyrlarboýy halkymyzyň aýawly garaýan mukaddesligi bolup gelipdir. Olar taryhyň ähli döwürlerinde-de özleriniň asyllylygy, mähribanlygy, maşgalasyna wepalylygy, eliniň çeperligi bilen saýlanypdyrlar. Olar ata Watany, ene topragy, milletiň ar-namysyny goramakda gaýduwsyzlyk görkezipdirler. Ata-babalarymyz «Ata sözi hikmet, ene sözi rehmet», «Gyz edebi — il edebi», «Enäniň mähri — zor, terbiýesi — zer», «Edenli gelin ojaga — şeker, edebi ýüregiňe nur bolup çöker» ýaly pähimli sözleriň üsti bilen zenanlaryň maşgaladaky, jemgyýetdäki ornunyň uludygyny, adamzadyň dowamatyny dowam etdiriji mähribanlardygyny beýan edipdirler. Şunuň ýaly dana pähimler nesillerimiziň terbiýesinde hem möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Bezirgen Orazmämmedow,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap geňeşiniň başlygy.