Germaniýada howany goramak üçin ýük awtoulaglarynyň nyrhlary ýokarlandyrylar

31 Oktýabr 2023
1446

Germaniýanyň mejlisinde 2023-nji ýylyň 1-nji dekabryndan başlap esasy ýollarda 7,5 tonnadan gowrak agramy bolan ýük awtoulaglary üçin tölegi ýokarlandyrmak boýunça kanun kabul edildi. Bu uglerod dioksidiniň zyňyndy töleglerini nyrhlara goşmak bilen amala aşyrylar. Kanunda bellenilişine görä, bu düzgün 2024-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlap, agramy 3,5-den 7,5 tonna çenli bolan ýük awtoulaglaryna hem degişli bolar.

Bu täze kanan ulaglardan çykýan parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga we howanyň durnuklylygyny saklamaga gönükdirilen bolup, onuň kömegi bilen 2030-njy ýyla çenli umumy ulag duralgalarynda elektrik ulaglarynyň paýyny 35% -e çenli ýokarlandyrmak maksat edinilýär.