Alajabars

20 Sentýabr 2023
2330

Haýwanat dünýäsiniň özboluşly wekilleriniň biri hem alajabarsdyr. Ol pişikler maşgalasyna degişlidir. Ýurdumyzda alajabarsy awlamak gadagandyr. Ol Türkmenistanyň Bathyz, Köpetdag we Sünt-Hasardag döwlet goraghanalarynda goralýar. Sumbar we Çendir derýalarynyň boýlarynda, dag gerişlerinde we depelerinde, ýokarky belentliklerde alajabarsa duş gelmek bolýar. Olar gaýalaryň, depeleriň arasyndaky pesliklerde ýaşaýarlar. Alajabars ýaşaýan ýerini aňsat üýtgetmeýär, diňe ýaş barslar ulalansoň, ýaşamak üçin täze ýerleriň gözlegine çykýarlar.

Alajabarsyň bedeniniň uzynlygy 130-180 santimetre, agramy 32-60 kilograma çenlidir. Erkekleri has iridir, tüýleri gysga hem dykyzdyr. Ene alajabars  nesil öndürmek üçin kert gaýalary, barmasy kyn bolan dereleri, gowaklary, toýnaklylaryň köp ýerini saýlaýar. Şol ýerde süreniň bardygy duýulmaýar, onuň ýanynda iýmit galyndylary bolmaýar. Çagalary ulalyşansoň, ene alajabars öz penalanýan ýerini yzygiderli çalşyp durýar.

Hanmeňli Hojamämmedowa,
Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynyň uly ylmy işgäri.