«Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň tutýan meýdany 34 müň 600 gektar bolup, ol öz içinde birnäçe tebigy meýdanlara bölünýär. «Ýaman tokaý» gara sazakly jülgesi, «Çarlak tokaýy», «Demirgazyk jülgesi», «Günorta jülgesi», «Repetek Saharasy» — bular goraghananyň düzümindäki düzüm bölekleri, bolup geçýän tebigy hadysalary bilen tapawutlanýan meýdanlardyr.
«Ýaman tokaý» gara sazakly jülgesiniň «ýaman» ady käbir ylmy çeşmelerde «äpet uly, deňi-taýy bolmadyk tokaý» diýlip terjime edilýär. Bu meýdan başgaça, «hakyky çöl tokaýy» diýlip atlandyrylýar. Sebäbi gür ösüp oturan ululy-kiçili gara sazaklaryň emele getirýän tokaýa meňzeş keşbi dünýäniň başga künjünde gaýtalanmaýan ajaýyp tebigaty döredýär. Goraghananyň tebigy meýdany onuň merkezi bagyndan 12 kilometr demirgazyk-günbatar ugurda ýerleşip, günbatardan gündogara 8 — 10 kilometre uzalyp gidýär. Bu sebit oý ýerdäki aklaň çäge-çöl ulgamydyr. «Ýaman tokaý» gara sazakly jülgesine gara ýol arkaly aňsatlyk bilen barmak bolýar. Bu jülgäniň meýdany takmynan, 1000 gektara golaýdyr.