«Damja suwdan tal çykar»

13 Sentýabr 2023
1096

Ata-babalarymyz suwa hemişe mukaddeslik hökmünde seredipdirler. Suw — ýaşaýşyň gözbaşy. Edebi çeşmelerde suw bilen baglanyşykly birnäçe maglumatlar duş gelýär.

XI asyrda ýaşan meşhur türkmen dilçi alymy Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki dilleriň sözlügi» diýen işinde suw bilen baglanyşykly nakyllara uly orun berilýär. Olaryň hatarynda «Dag arkasyny egmez, deňiz gaýyk bilen beklenmez», «Akar suw köprüsiz bolmaz», «Balyk suwda, gözi gyrda», «Damja suwdan tal çykar» ýaly birnäçe nakyllary mysal getirmek bolar.

Jeren ÖWEZOWA,
Saýat etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň müdiri, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.