Doňdurmanyň taryhyndan

16 Awgust 2023
1587

Tomus paslynda islendik ýaşdaky adamlaryň iň halaýan tagamlarynyň biri hem doňdurmalardyr. Bu tagama Ýer ýüzüniň ähli ýurtlarynda diýen ýaly gabat gelmek mümkin. Geliň, bu tagamyň taryhyna ser salalyň! Doňdurmanyň ilki 2200 ýyl mundan ozal Hytaýda tüwä süýt goşup, sowatmak üçin gar guýlup tagam taýýarlanandygy barada internet maglumatlarynda aýdylýar. Bu tagam XIII asyrda Italiýada peýda bolýar. Ol şol döwürler Aziýa ýurtlaryna syýahat eden Marko Polo tarapyndan getirilendir diýlip çaklanylýar. Soňra bolsa, ol Fransiýa we beýleki Ýewropa ýurtlaryna ýaýrapdyr.

Doňdurma taýýarlamakda adamlar has kämilleşip başlapdyr. Şeýlelikde, XVIII asyrda doňdurmalar Russiýada peýda bolup başlaýar. Ruslar gaýmak bilen bala şokolad ýa-da ülje goşup taýýarlap, sowuk bolmagy üçin oňa gar ýa-da buz garypdyrlar. 1851-nji ýylda bolsa Amerikada ilkinji doňdurma kärhanasy işe girizilýär. Biziň ulanýan doňdurma gutularymyzyň hem şol ýyllarda ýasalandygyny bellemek gerek. Doňdurma taýýarlamagy has gowy öwrenen italýanlar häzirki wagtda diýseň meşhurdyr. Bu tagamyň tomus paslynda köp iýilýändigine garamazdan, Şwesiýa, Daniýa, Finlýandiýa ýaly sowuk howaly ýurtlar doňdurma sarp etmekde öňdeligi eýeleýär. 

Internet maglumaty esasynda taýýarlan Baýgeldi ÇARYÝEW,
Gazojak şäheriniň ýaşaýjysy.