Ekotorbalara isleg artýar

12 Awgust 2023
1346

Häzirki wagtda dünýäniň ösen, öňdebaryjy ýurtlary ekologiýa taýdan arassa önümçilige ýykgyn edýärler. Şonuň üçin hem geljekde kagyz torbalaryň ulanylyşynyň has-da artmagyny kanunalaýyklyk hasaplasa bolar. Bu ugurda ýurdumyzyň içerki bazarlarynda we eksport üçin niýetlenilen harytlarda ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümçiligi ýola goýýan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary guwandyryjy işleri alyp barýarlar. Şeýle kärhanalaryň biri-de 2017-nji ýylda işe girişen, döwletimizde ilkinji bolup dürli görnüşli kagyz gaplama önümçiligini ýola goýan «Ýedidogan» haryt nyşanly kärhanadyr. Bu kärhana kagyz torbalary ulanmagy endige öwürmegi, şonuň bilen birlikde-de, ekomedeniýeti ösdürmegi maksat edinýär.

Germaniýanyň enjamlaryny ulanmak arkaly Ýewropanyň ýokary hilli çig malyndan peýdalanyp, kagyz torbalaryň önümçiligini alyp barýan bu kärhananyň önümleri hil görkezijisiniň ýokarydygy bilen tapawutlanýar. «Ýedidogan» haryt nyşanly kärhananyň ýolbaşçysy, telekeçi Döwran Abdyrasulow bilen bu özboluşly önümçilik dogrusynda söhbetdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi:

Batyr KULIÝEW.
«Türkmenistan».