Ata-babalarymyz ene ýere yhlas siňdirip, ondan bereketli hasyl alypdyrlar. Ekerançylygyň inçe syrlaryny özleşdirip, miweli baglaryň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdiripdirler. Bu günki gün hem pederlerimiziň daýhançylyk däpleri üstünlikli dowam etdirilýär. Ýurdumyz bagy-bossanlyga bürenýär. Şol bossanlygy döretmekde türkmen işewürleri, hususy kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleri aýratyn yhlaslylyk görkezýärler. Olar döwlet tarapyndan bölünip berlen meýdanlarda miweli baglary ýetişdirýärler. «Merkez» hojalyk jemgyýeti-de şolaryň biridir. Golaýda bu hojalyk jemgyýetini esaslandyryjy Rejep Annageldiýew bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi:
— Daýhançylyk yhlasly, irginsiz zähmeti talap edýär. Her kim daýhan bolup bilenok. Hakyky daýhan gözi düşenden ýeriň ýagdaýyny bilýär. Gurpsuz bolsa, ony gurplandyrmagyň aladasyny edýär. Şol ýere ýerli döküni köpräk berýär. Hojalygynda ekin dolanyşygyny ýola goýýar. Bu usul öňden bäri ulanylyp gelinýär. Özüm daýhançylygyň inçe syrlaryny kakamdan öwrendim. Ol ömrüni ekerançylyga bagyşlady. Daýhanlar onuň ýanyna ýygy-ýygjam gelip, maslahatyny alardylar.