Hususyýetçiligiň kanunçylyk binýady

2 Awgust 2023
1222

Döwletimiziň ykdysadyýetiniň kuwwatyny artdyrmakda, ilatyň durmuş hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda, uzak möhletleýin döwlet maksatnamalarynyň rowaçlygyny gazanmakda hususy pudagyň orny uludyr. Türkmen işewürleriniň ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda alyp barýan döredijilikli, netijeli işleri muňa aýdyň subutnamadyr. Munuň özi hususyýetçiligiň köpugurly ösüşi gazanmaga, önümçiligi netijeli dolandyrmaga ukyplydygynyň tassyknamasydyr. Şeýle hakykatlardan ugur alnyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň telekeçiligi ösdürmekdäki düýpli tutumlary täze taryhy eýýamda Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär.

Ýurdumyzda hususy pudak berk kanunçylyk resminamalaryna daýanýar. Esasy Kanunymyzda eýeçiligiň eldegrilmesizligi, döwletiň eýeçiligiň ähli görnüşiniň deň goragyny kepillendirýändigi, olaryň ösmegi üçin deň şertleri döredýändigi aýratyn bellenilip geçilýär. Şeýle-de Esasy Kanunymyzda ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýandygy, döwletiň telekeçiligi höweslendirýändigi, goldaýandygy, kiçi we orta telekeçiligiň ösmegine ýardam edýändigi nygtalýar. Şunuň ýaly konstitusion ýörelgelere laýyklykda kabul edilen «Erkin ykdysady zolaklar hakynda», «Kärende hakynda», «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda», «Telekeçilik işi hakynda», «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hem-de beýleki hukuk resminamalary hususyýetçiligiň giň gerimli ösüşiniň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrýar.

Ýunus Erkinow,
Türkmenbaşy şäheriniň prokurorynyň kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.