Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden soňky oýlanmalar
Ýagşy işe badalga berilse, ýüregiň üsti sypalanana dönäýýär. Şu ýylyň 14-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň oba we daşky gurşawy goramak ministrligini bölmek, onuň binýadynda Oba hojalyk ministrligini hem-de Daşky gurşawy goramak ministrligini döretmek barada resminamalara gol çekilmegi, şeýle hem Döwlet ýer kadastrlarynyň ýeke-täk ulgamyny şu ýylyň ahyryna çenli işe girizmek üçin zerur işleri çaltlandyrmak hakda tabşyrygyň berilmegi hemmämiziň göwün guşumyzy ganatlandyrdy.