Dünýäniň görki

24 Iýul 2023
1750

Eneler dünýäniň görküdir. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, enä tagzym etmek mukaddeslige tagzym etmekdir. Ýaş nesillere şu günki ajaýyp durmuşymyzyň gadyryny bilmegi ündäp, öý-ojaklaryň törüni bezäp oturan uzak ýaşly mährem enelerimiz bolsa görüm-görelde mekdebidir. Olar bilen didarlaşmak, käýarym salama baryp, gyzykly gürrüňlerini, öwüt-nesihatlaryny diňlemek hem bagt. Biz hem şeýle bagtdan nesibeli günümiz Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Bugdaýly geňeşliginiň Bereketli obasynda ýaşaýan, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda tylda zähmet çeken, 98 ýaşy arka atan Nurjan Dädebaýewalara bardyk.

Hasasyny söýget edip gelen Nurjan ene bizi görüp saklandy:

Galpakbaý GURBANBAÝEW.
Saparmyrat Türkmenbaşy etraby.