Döwlet hemaýaty — maşgalanyň maddy goragy

6 Iýul 2023
1499

Türkmen maşgalasynyň terbiýesiniň gözbaşynda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan milli ýörelgeleri bar. Halkymyz ençeme asyrlaryň dowamynda ýokary ruhy-ahlak başlangyjyny, dogruçyllygy, hoşniýetliligi, zähmetsöýerligi, enelere we ýaşululara bolan hormaty kemala getirýän mukaddes maşgala gymmatlyklaryny saklap gelýär.

Maşgalany goldamaga we goramaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň hukuk esaslarynyň kemala getirilmegi, onuň ykdysady taýdan özbaşdaklygy we ähli agzalarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy üçin şertleri döretmek arkaly maşgala hakynda aladanyň edilmegi, maşgalalara döwlet kömek pullarynyň tölenilmeginiň üpjün edilmegi, olaryň saglygynyň guralmagy, ata-eneleriň zähmet işini maşgala borçlaryny ýerine ýetirmek bilen utgaşdyrmagy üçin şertleriň döredilmegi, durmuş infrastrukturasyny ösdürmek, şeýle hem maşgalany, eneligi we çagalygy goramak babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen hukuk esaslaryny kemala getirmek Türkmenistanyň maşgala kanunçylygynyň maksady bolup durýar.

Nurbike AMANOWA,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň RÝNÝ müdirliginiň esasy maslahatçysy, 1-nji derejeli ýurist.