Şirin-şeker, badam-pisse, alma-nar

26 Iýun 2023
1202

«Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gum içindäki baglaryna seýran

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy esasynda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hormatly Prezidentimiziň giňden goldaw bermeginde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik üstünliklerine mynasyp goşant goşýarlar. Döwletimiz tarapyndan döredilýän şert-mümkinçiliklerden ruhlanýan hususy telekeçiler ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösüşine saldamly goşant goşup, azyk bolçulygyny üpjün etmekde ýokary netijeleri gazanýarlar. Uzak möhletleýin bölünip berlen ýer böleklerinde ekerançylygyň döwrebap usullaryny, innowasion tehnologiýalary hem-de ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrýan oba hojalykçy telekeçiler ekologiýa taýdan arassa gök-bakja ekinlerini we miweleri ösdürip ýetişdirmek bilen, eziz Diýarymyzda bellenilýän baýramçylyklarydyr şanly seneleri zähmet ýeňişleri bilen garşylaýarlar.

Çary ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 2-nji ýyl talyby.