Nusgalyk ömür

24 Iýun 2023
1650

Daş-töweregi gülzarlyga öwren baharyň gelmegi bilen howa-da gyzyp başlady. Aşgabat şäheriniň Bekrewe şäherçesinde ýaşaýan, hormatly dynç alyşdaky Klara Kakabaýewa bilen duşuşmak üçin ir salkynda ýola düşdüm. Men baranymda, ol gapysyndaky pyntyklaryny ýaýyp, hoştap ysy bilen daş-töwerege gözellik eçilýän dürli reňkdäki bägülleriň, ýaňy bişip başlan miwesini güjeňleýän baglaryň aşagyny ýumşadyp ýören eken.

— Bular meniň guwanjym, edil çaga bolan mähribanlygym kimin ir säher bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirip boldugym, bularyň ýanyna gelip, halyndan habar alýaryn. Sebäbi dünýädäki ähli zat janly, söýgiňi, mähriňi berseň, gün geçdigiçe parlap ösüberýärler, sähel garaýşyňy üýtgetseň, süllerip, başyny aşak egiberýärler. Gül-gunça bolup parlajak güllerimi diňe öz howlymy däl, eýsem, goňşularymyň öýlerini hem bezemegini isleýärin. Baglar miwe eçilse, ony-da goňşularym bilen paýlaşýaryn. Bu ýyl, ynha, hoz agajyny ekdim — diýip, Klara daýza şahalary bahar howasyna janlanyp başlan hoz agajyny mähir bilen synlady-da, öýe girmegi mürähet etdi. Segseniň onlugyndaky zenanyň ýeňil gopup, edýän hereketlerini synlanymda, onuň gujur-gaýratyna, owadan dünýä bolan söýgüsine buýsandym. Çaý başynyň söhbedi gyzykly boldy.

Ogulbaýram REJEPOWA,
«Zenan kalby».