Milli binagärligiň buýsançly eserleri

24 Iýun 2023
1589

Ak mermerli paýtagtymyzyň taryhyna ser salsaň, onuň her künjegine degişli maglumatlar, özboluşly binagärlik aýratynlyklary ünsi çekýär. Saklanyp galan maglumatlara görä, şäher esaslandyrylandan soňra şähergurluşyk meýilnamasy boýunça ilkinji iri köçeleriň biri Merw prospekti bolupdyr. Ilki «Merw» diýlip atlandyrylan bu uzyn köçä 1897-nji ýylda Zakaspiý oblastynyň ýolbaşçysy general Kuropatkiniň ady dakylýar. Sowet häkimiýeti döwründe ol «Swoboda» prospekti diýlip üýtgedilýär. Häzirki wagtda bu gözel köçe türkmen halkynyň akyldar şahyrynyň adyny göterýän Magtymguly şaýoludyr. Ol şäheriň demirgazyk-günbataryndan günorta-gündogara tarap uzaýan, iň irki we esasy şaýollaryň biridir.

Aşgabadyň ilkinji köçeleri 1887-nji ýyldan abadanlaşdyrylyp başlanýar. Esasan-da, Merw prospekti we Annenkow köçesi şossä (ulag gatnawy üçin berk emeli gatlakly we gapdallarynda suw akdyrmak üçin ýapjagazlar bolan ýol) öwrülipdir. Ýanaşyk köçelere daş, ýanýodalara bişen kerpiç düşelipdir. Ýollaryň saýaly bolmagy üçin ýaplaryň boýuna agaç ekilipdir. Häzirki «Aşgabat» seýilgähiniň (öňki ady «Jemgyýetçilik bagy») düýbi hem şol ýyllarda tutulypdyr.

Bagtygül HOJAGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar