Täze tapyndy

15 Iýun 2023
1627

“Köneürgenç” taryhy-medeni döwlet goraghanasy Ruhubelent, Saparmyrat Türkmenbaşy etraplaryndaky ýadygärlikleriň saklanylyşyny gözden geçirmek, tehniki ýagdaýlaryny anyklamak, taryhy gorag çelgilerini gözden geçirmek we olary surata düşürmek maksady bilen, iş saparyny gurady. Iş saparynyň dowamynda Ruhubelent etrabynyň Şagadam  geňeşliginde ýerleşýän Gaňňa I ýadygärliginden keramikadan taýýarlanan ikbaş tapyldy. Tapyndy Daşmetjit halk hünärleri muzeýine tabşyryldy.

Öňki döwürlerde ikbaşlary toýundan, keramika gaplarynyň diwarynyň döwük böleklerinden, daşdan, balykgulakdan we süňkden kesip, käwagtlar bürünçden guýup ýasapdyrlar. Daşdan ýasalan ikbaşlar ýasy, tegelek görnüşde bolupdyr, süňkden seýrek ýasalypdyr. Toýundan ýasalan ikbaşlar ýasy we süýri görnüşinde bolupdyr. Daş we toýun ikbaşlaryň ýüzüne nagyşlar, göni we tolkun, tegelek, atanak çyzyklar çekilipdir. Ikbaşlar çukurjyklar bilen bezelip, käbirleri bolsa nagyşsyz görnüşindedir. Ikbaşlarda duş gelýän üçburçluk, göni we tolkun çyzyklar, atanak şekilli görnüşler hasyllylygy we abadançylygy aňladypdyr. Ikbaşlary dört bölege bölýän çyzyklar pasyllary ýa-da dünýäniň dört tarapyny aňladypdyr.

Gurbantäç Rejepowa,
“Köneürgenç” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hünärmeni.
Beýleki habarlar