Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda geçirilen ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Dabaranyň dowamynda ýeňijilere hormatly Prezidentimiziň adyndan Şahadatnamalar we gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu pursatlary synlanyňda, ýaş alymlaryň maksadynyň myradyna gowşandygy, hususan-da, olaryň ylym ýolundaky geljekki işlerine badalga boljak bu bäsleşigiň ähmiýeti hakda pikir edýärsiň.
Ylym ýoly çuňňur zehini, irginsiz yhlasy, dowamly gözlegi talap edýän inçe ýol hasaplanýar. Şoňa görä-de, ylym dünýäsiniň altyn gapysyny açmak üçin altyn açar gerek. Ol açar bilen arzuw wysal bolýar, maksat myradyna gowuşýar. Şundan ugur alsak, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda ýylyň-ýylyna yglan edýän ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigi bellenmäge mynasypdyr.