Söz sizden, ýaş alymlar!

12 Iýun 2023
1452

Muhammet BEKGIÝEW,
«Türkmenistan» gazetiniň jogapkär kätibi:

— Yhlasy myrada gowşan, ganatly arzuwlary öz menziline ýeten adam iň bagtly adamdyr. Ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşikde «Türkmenistanyň parahatçylyk diplomatiýasynyň ylmy we ynsanperwer jähetleri (Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk söýüjilik strategiýasy)» atly işim bilen ýeňiş gazanyp, Şa serpaýlaryna mynasyp bolmagym ylmy başlangyçlarymy höweslendirip, täze-täze ylmy-döredijilik gözleglerine ruhlandyrdy. Şeýle uly bagta dahylly bolmagyň unudylmajak täsiri-de özboluşly «açyş» eken. Bäsleşik üçin saýlap alan temama 2014-nji ýylda — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okaýan döwürlerimde girişdim. Biz — türkmen ýaşlaryna ukyp-başarnygymyzy dürli ugurlarda açmaga we kämilleşmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýaryn. Türkmençilikde ynamy ödemek parz hasaplanýar. Watanyň bildiren ynamy bolsa mukaddesdir.

Taýýarlan Maksatmyrat ÇARYÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby, «Nesil».
Beýleki habarlar