“Ak çeşmäniň” önümleri

7 Iýun 2023
1387

Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Bu ugurda işleri maksada laýyk durmuşa geçirýän hususyýetçilere hormatly Prezidentimiz tarapyndan uly-uly goldawlar edilýär. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täzeçe iş usulynda işleýänleriň sanyny barha artdyrýar.

Baýramaly etrabynyň Azat geňeşliginiň çäginde ýerleşýän Berdimuhammet Çaryýewiň süýt önümlerini öndürýän “Ak çeşme” hususy kärhanasy hem döwrebap usulda hereket edýär. Ol indi birnäçe ýyldan bäri ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa, ynsan saglygyna ýaramly süýt önümlerini ilata ýetirip gelýär. Kärhananyň “Prezident”, “Altyn asyr” markaly mesgeleri, “Merw” syry, goýaldylan gaýmagy, gatykdyr aýrany we beýleki önümleri halkyň uly islegine eýedir. Şeýle ýaramly iýmit önümleriniň hili Merdan Abdyýew, Şatlyk Gurbanow ýaly hünärmenler tarapyndan yzygiderli gözden geçirilýär.