«Kerwensaraý» ýadygärligi ýa-da taryhyň «syrly sandygy»

7 Iýun 2023
1824

Eger bir ýurduň şöhratly taryhy gaýtadan dikeldiljek bolsa, onda onuň joşgunly geçmişiniň beýanyny binagärlik ýadygärliklerinden gözlemeli. Çünki asyrlaryň gaý-tupanyna, döwürleriň ýagyş-ýagmyryna döş geren gerçekler ýaly merdem başlaryny belent tutup, mizemän oturan bu beýik binalar heniz-henizlerem kalbyňda biygtyýar buýsanç duýgularyny oýarýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýyldaky Karary esasynda, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-barlag işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň we wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegi bilen, «Köneürgenç kerwensaraýy» diýlip şertli atlandyrylan ýadygärlikde gazuw-barlag işlerine badalga berildi. Şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Prezidentiniň geçen ýylyň 8-nji aprelinde kabul eden Karary esasynda tassyklanylan «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, gazuw-barlag işleri tapgyrlaýyn alnyp barylýar. Bu işler Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky Milli müdirliginiň bölüm müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty Ejegül Myradowanyň ýolbaşçylygyndaky ýörite topar bilen «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň bilelikdäki ekspedisiýasy esasynda amala aşyrylýar.

Beýleki habarlar