Dowamaty dowam halym

25 Maý 2023
2013

Halyçylyk sungaty pederlerlerimizden miras galyp, asyrlardan-asyrlara aşyp, häzirki wagtda zenanlarymyzyň esasy hünärleriniň biri hasaplanýar. Biziň halkymyz hünärsiz kişini miwesiz daragta meňzedýär. Şonuň üçin-de ene-mamalarymyz el hünärlerini nesilden-nesle geçirip, şu günlerimize çenli apalap getiripdirler. Haly, keşde ýaly inçe işler ýaş gyzlarymyzyň käbesinden soňky terbiýeçisidir. Türkmen gyzlary haly dokamagy çagalyk döwründen öwrenip başlaýarlar.

Haly diýmegiň özi türkmeniň haly, ahwaly, ýagdaýy diýen manyny berýär. Pederlerimiz öýi, duly gyzyl çog halydan doly adamlary barly, döwletli adamlar hasaplapdyr. Şonuň üçinem türkmenlerde halyny «ýedi hazynanyň» biri saýypdyrlar. Gadym döwürde Beýik Ýüpek ýolunyň söwda kerweninde hem türkmen halysy ýüpekden soň ikinji geçginli we islegli haryt bolupdyr. Nepis halylarymyz beýik imperatorlaryň, soltanlaryň, şalaryň, hökümdarlaryň köşklerini, tagtlaryny, saraýlaryny bezäpdir. Halylarymyzda gyzyl reňkiň köp bolmagy daşary ýurtlulary has-da özüne çekipdir. Sebäbi gadymdan bäri gyzyl reňk synmaz güýjüň, şöhratyň, ýeňşiň, söýginiň nyşany hasaplanypdyr.

Maýsa ÇARYÝEWA,
TDP-niň Halaç etrap komitetiniň hünärmeni.