Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, ýurdumyzda ekologiýa abadançylygy ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Tebigaty goramak, daşky gurşawyň arassalygyny gazanmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolmak bilen, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu ugurda kabul edilen «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda», «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, «Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy» hut tebigy gurşawy gorap saklamak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ýaly il bähbitli işlerde möhümdir.
Ata Watanymyzda ýylyň dört pasly-da güneşe baý, bahar-ýaza çalymdaşdyr. Aýratyn-da, bahar paslynda tebigatymyzda bolup geçýän üýtgeşmeler, täzeleniş has-da täsin, gyzykly. Türkmen baharynyň gadamlaryny tebigatyň bezegi, gelşik-ýaraşygy bolan ösümlikler, janly-jandarlar, mör-möjekler duýýar. Baglarda ýüzlerçe görnüşli ösümlikler gül-gunçalara beslenýär. Tebigatyň bu gözelliklerini synladygyňça synlasyň gelýär. Sebäbi bu ösümlikler, haýwanlaryň täsin hereketleri gözel tebigatymyzyň görküni has-da artdyrýar. Şonuň üçin biz tebigatyň adamzada eçilen her bir ajaýyplygyny aýamalydyrys, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini geljekki nesillerimiz üçin gorap saklamalydyrys.