Älem-jahanda

3 Maý 2023
1515

Täsin şäher

Daniýanyň iri şäheri hem-de paýtagty Kopengagen Zelandiýa adalarynda ýerleşýär. Kopengageniň 1043-nji ýylda ýönekeý balykçylyk şäheri hökmünde düýbi tutulypdyr. Soňra 1167-nji ýylda onuň töwereginde gala guruldy we şäher ilkinji adyny «Kopmannaehafn» — ýagny «söwda duralgasy» diýen ady aldy. Dünýäniň iň sagdyn şäheri diýlip hasaplanylýan Kopengagen şol bir wagtyň özünde syýahatçylaryň söýgüli ýerleriniň biridir. Paýtagtyň ýaşaýjylarynyň köp bölegi köçelerde we ýollarda welosiped arkaly hereket edýärler. Şäherde ýörite olar üçin niýetlenen ýollar hem örän köp. Gezelenç etmek üçin Kopengageniň birnäçe özüneçekiji ýerleri bar. Olaryň biri-de Andersonyň ägirt uly meşhurlyga eýe bolan ertekisindäki suw perisiniň heýkelidir. Ol bu ýerde XX asyryň başynda Karlsberg brendine eýe bolan maşgala agzalarynyň biriniň haýyşy boýunça peýda boldy. Dünýäniň ähli künjeklerinden jahankeşdeler bu heýkeli görmek üçin Kopengagene gelýärler. Şäheriň merkezinde bolsa, Ýewropadaky iň uzyn Stroget pyýada köçesi ýerleşýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.