Türkmen tebigaty gaýtalanmajak gözelligi bilen tapawutlanýar. Asmandan inýän ýagyş-ýagmyrlar, topragyň gujagynda bitýän her bir ösümlik ynsanlara şypa paýlaýar. Tebigaty aýawly saklamak, onuň baýlyklaryny goramak — her birimiziň borjumyz. Haýwanat dünýäsi, derýalar, köller, çeşmedir çaýlar — bularyň ählisi biziň tebigatymyzyň baýlygydyr.
Diýarymyzyň ekologik abadançylygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmen tebigaty özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzyň ekoulgamyny, ajaýyp bagy-bossanlyklaryny, tokaýlaryny gorap saklamak, ylmy taýdan öwrenmek boýunça döwletimiz tarapyndan möhüm işler durmuşa geçirilýär. Her ýyl ýurdumyzda saýaly we miweli bag nahallaryny oturtmak hem asylly däbe öwrüldi.