Keşt edeliň bu jahana...

21 Aprel 2023
1674

Magtymguly atamyzyň ýokardaky setiri, bir tarapdan, dünýä syýahat etmegiň, ýagşy zatlary görmegiň dünýä malyna barabar gymmatlykdygyny aňlatsa, ikinji bir tarapdan, dünýäniň geň-taňlyklaryndan habarly bolan şahyr «Isgender, Jemşit saldyran, Beýik binalar görüner» diýip, binagärlik keşbi bilen adamzady haýran eden ajaýyplyklardan söz açýar.

Syýahat etmek, gözüň bilen görmek ýaly ýakymly pursatlar ynsan ömründe mydama ýatlanjak iň gymmatly hazynadyr. Syýahatçylyk dünýä döwletleriniň alyp barýan syýasatlarynyň esasy ugurlarynyň biri. Dünýäniň ykdysady taýdan kuwwatly döwletleriniň esasy girdeji çeşmesiniň syýahatçylykdandygyny bellesek, onda her ýylda millionlarça adam dünýä ýurtlaryna keşt edip görmek, tanyşmak, bilmek, öwrenmek isleglerini kanagatlandyrýarlar. Jahankeşdelik ugrunyň köptaraply görnüşleri döwrebap şertlerde ösüp, gerimini has-da giňeldip barýar. Şol bir babatda, häzirki zaman syýahatçylygynyň ýokary derejeli hyzmatlary bilen hem jahankeşdeleri özüne çekýän döwletler bu ugruň mümkinçiliklerini giňden ulanýarlar hem-de dünýä ýaýradýarlar. Bu, elbetde, bir tarapdan, syýahatçylyk ugry boýunça döwletara hyzmatdaşlygynyň ösýänligini aňlatsa, beýleki tarapdan, jahankeşdeleri çekmekde esasy şertleri hem döredýär. Häzirki wagtda dünýäniň 40-a golaý döwletinde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen «Syýahatçylygyň halkara güni» atly baýramçylyk her ýylyň 27-nji sentýabrynda bellenilýär. Bu baýramçylyk öz gözbaşyny 1979-njy ýylyň 27-nji sentýabryndan alyp gaýdýar.

Merjen ATAÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.