Gadymy türkmen howlulary

14 Aprel 2023
1777

Öz döwründe uly-uly galalary, berkitmeleri, şäherleri guran halkymyzyň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli binagärligi bar. Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşýän ýadygärlikleriň ählisinde diýen ýaly, toprak arhitekturasynyň özboluşly aýratynlyklaryny görmek bolýar.

Geçmişde galalary, şäherleri, berkitmeleri, binalary, kerwensaraýlary, duralgalary gurmakda, diwarlary dikeltmekde birnäçe usullar ulanylypdyr. Jaý gurmagyň özboluşly aýratynlyklary belli bolupdyr. Ata-babalarymyzdan miras galan taryhy ýadygärlikleri synlanyňda, milli binagärlik sungatynyň birnäçe bölekden durýandygyna göz ýetirmek bolýar. Pederlerimiz bişen we çig kerpiçlerden, palçykdan, daşdan jaý gurmak bilen birlikde, dag gerişlerini oýup, ýaşamak üçin şertleri hem döredipdirler.

Myratgeldi BAÝRAMOW,
Kerki etrabynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri.