Tebigatyň täsin jandary

14 Aprel 2023
2265

Daň ýaňy tilkiguýruk boluberende, biz Owadandepeden aşyp, Garaguma aralaşdyk. Ulagymyzyň ýiti çyrasy baharyň bulutly gijesiniň tümüni parran dilip barýardy. Çyranyň ýagtysyna tilkidir şagallar, käte keýikler göze kaklyşyp, ýanyp duran otjagaz ýaly ýyldyraşyp görünýärdi. Ulagymyzyň radiosyndan bolsa: «Gökde güneş gülüp bakdy, iller diýdi: — bahar geldi,//Bagda bilbil nagma kakdy, diller diýdi: — bahar geldi» diýen äheňde, ýakymly saza goşulyp, bir gyzjagazyň şirin owazy ýaňlanýardy. Şo barmana, ulagymyzyň çyrasynyň şöhlesine ýoluň gatnawly böleginde bir gara tokgaja jandaryň ýola çykyp, käte gyra sowulýandygy gözümize kaklyşdy. Onuň müçesi kiçiräk-de bolsa, özi dyp-dykyzjady. Sürüjimiz derhal ulagyň tizligini peseldip, oňa golaý gelip saklandy. Görüp otursak, bir ene kirpi howsala düşüp, çagalaryny ýoldan çete çykarmagyň aladasyna ulaşan eken. Çyranyň şöhlesine gözi gamaşan çaga kirpijikler ýygrylyp ýatan ýerlerinden gozganarly däldi. Enesi görgüli bolsa aljyraňňy halda, olaryň daşynda hozanaga dönüpdi. Bu ahwala haýpy gelen sürüjimiz: «Ýok, bu janawarlary beýdip iki oduň arasynda taşlamak naýynsaplyk bolar» diýip, ulagdan düşdi-de, başyndaky tahýasyny çykaryp, ilki ene kirpini, soňra-da çagalaryny onuň içine saldy. Dessine-de olary usullyk bilen göterip, maýsalap oturan ýaşyl otlaryň arasyna goýberdi.

Bu jandar hakynda bir zatlar ýazaýmak ozalam hakydamda ýok däldi. Ýöne bizdäki biagyrylyk gursun! Bu gün-bu gün, erte-erte bilen, wagtyň nähili geçenini hem bilmän galsam näme?! Eýsem, bu günüň özi bir geň gün bolaýdy. Her bir işiň güni-sagady, mütdeti bar. Ýogsa-da, bu janawaryň «kirpi» diýen ady nämeden galdyka?! Haýwan atlary bilen gyzyklanyp, bu ugurda iş alyp barýan bilermenleriň aýtmagyna görä, adamyň gözüni gaşdan süzülip geçýän dürli närseden kirpik goraýar. Ine, şoňa meňzedilip, bu janawaryň syh-syh iňňelerine onuň goranyş ýaragy hökmünde garap, oňa «kirpi» ady berlipdir diýýärler. Kirpik — kirpi. Bu-da biçem däldir.

Öwezmyrat GELDIBAÝEW.
«Türkmenistan».