Ýarganatlar

12 Aprel 2023
2280

Ýarganatlaryň 1 müňe golaý görnüşi bar. Bu jandarlaryň hemmesi howada uçmaga ýöriteleşendir. Olar Ýer togalagynda Arktikadan we Antraktidadan başga ähli ýerde giňden ýaýrandyr. Ýarganatlar gijelerine aw awlaýarlar. Olar uçan wagty tomzaklary, kebelekleri, siňekleri, çybynlary, çirkeýleri awlaýarlar. Ýarganatlaryň görüş ukyby oňat ösmedik. Emma olar tüm garaňkylykda hem oňat ugur tapýarlar. Bu haýwanlar uçýan wagty özünden ýokary ýygylygy bolan özboluşly sesi yzygiderli çykarýarlar. Şol ses päsgelçilikler tarapyndan yzyna gaýtarylýar we ýarganatlar uly gulaklarynyň kömegi bilen sesiň tolkunlaryny tutýarlar. Yzyna serpikdirilen ses tolkunlarynyň alamaty boýunça ýarganatlar islendik zada çenli aralygy kesgitläp bilýärler. Hut şu sebäpli-de ýarganatlar islendik päsgelçilikden sowlup bilýärler. Türkmenistanyň çäginde ýarganatlaryň 21 görnüşi duş gelýär. Olar ýurdumyzyň daglarynda, çöllerinde we medeni ýerlerinde ýaýrandyr. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna ýurdumyzyň çägine ýaýran ýarganatlaryň 8 görnüşiniň atlary ýazyldy. Şol görnüşlere kiçi nalburun, blaziusyň nalburny, günorta nalburny, Şaubiniň gijeçisi, üçreňkli gijeçi, çypar agşamçysy, adaty uzynganatly ýarganat, ýassygulakly ýygyrtdodak degişlidir. Olardan welaýatymyzyň çäginde duş gelýänleri şu aşakdaky görnüşlerdir.

Üçreňkli gijeçi

Gülüstan HUDAÝAROWA,
welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri.