Tehnologiýalar äleminde

22 Mart 2023
887

Täsin ulag

«Hyundai» kompaniýasy ýangyç, elektrik hereketlendirijisini ýa-da wodorod ýangyç öýjüginiň ulanyşyny kämilleşdirmek bilen, has öňe seredýär. Kompaniýa syýahatçylygy gowulandyrmak üçin eýýäm has düýpli ykjam hereketlendirijileri göz öňünde tutýar. Şeýlelikde, «Hyundai» kompaniýasy ygtybarly senagat dizaýn firmasy «Sundberg-Ferar» bilen bilelikde täze bir taslama döretdi. Ol robot aýagy bilen enjamlaşdyrylan elektrik ulagydyr. Täze üýtgeşik taslama «Elevate», ýagny «Ýöriş ulagy» diýlip atlandyrylýar. Çylşyrymly, köp bogunly aýaklar bu «ýöriş ulagyna» basgançaklara çykmak, akýan suwdan ýokary galmak, hatda boşluklardan böküp geçmek mümkinçiligini döredýär. «Elevate» halas ediş toparlaryna adaty ýollaryň bozulan ýerlerine baryp ýetmäge mümkinçilik döredip, gurluşykda ýa-da betbagtçylyklarda kömek bermekde uly ýardam berip biler. Şeýle hem, maýyplar üçin oturgyçlara ýa-da binanyň basgançaklaryna dyrmaşmaga oňaýly şertleri hödürläp biler.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Akmuhammet ANNABERDIÝEW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar