Geçen ýylyň 4-nji çärýeginde «Samsung»-yň girdejisi peseldi

8 Ýanwar 2023
764

Deslapky maglumatlara laýyklykda, Koreýa Respublikasynyň «Samsung Electronics» kompaniýasynyň girdejisi 2022-nji ýylyň dördünji çärýeginde 2021-nji ýylyň degişli döwrüniň 13,67 trillion wony bilen deňeşdirilende, 58 göterim pese düşdi we 5,9 trillion wona (ABŞ-nyň 4,62 milliard dollary) barabar boldy. Bilermenleriň pikirine görä, inflýasiýanyň ýokary bolmagy we bank hyzmatlarynda göterim derejesiniň ösýändigi sebäpli smartfon öndürýän kompaniýalar ýat çiplerini sargyt etmeklerini wagtlaýyn togtadýarlar, çykdajylaryny we maýa goýumlaryny azaldýarlar. Häzirki wagtda «Samsung» dünýäde iň iri ýat çiplerini öndürýän kompaniýa bolmagynda galýar.


Gurbanguly Garowow,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kliniki farmakologiýa we endokrinologiýa okuwly gospital terapiýa kafedrasynyň assistenti.
Beýleki habarlar