Milli terbiýeçilik mekdebi – kämil şahsyýetiň kemala gelmeginiň gözbaşy

24 Oktýabr 2023
357

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan milli ruhy-ahlak ýörelgelere uly üns berilýär. Döwrüň  ýaşlaryna  ynsanperwerlik, ruhubelentlik, paýhaslylyk, rehimdarlyk, kiçigöwünlilik, asyllylyk, sadalyk, halallyk, sabyr-kanagatlylyk, gülerýüzlülik, durnuklylyk, dogruçyllyk, maksada okgunlylyk, Watana, il-ulsa wepalylyk ýaly  gowy gylyk-häsiýetler  mahsus bolmalydyr. Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, päk ýürekden we joşgunly zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilýär. Şonuň üçin hem, arassa, halal işlemek, eziz Watanymyza päk ýürekden gulluk etmek bolsa biziň her birimiziň borjumyzdyr. Ýaş nesle berilýän terbiýäniň halallyk we halal zähmet bilen utgaşykly alnyp barylmagy jemgyýetde arassa kalply, päk ahlakly, dogruçyl, kämil şahsyýetiň kemala gelmegine ilkinji ruhy gözbaş bolup hyzmat edýär.

Türkmen halkynyň milli terbiýeçilik mekdebi - munuň özi  ynsanyň ýüreginde bar bolan  gowy häsiýetlerini ýüze çykarmaga täsir etmegini we daşky  gurşawyň oňat  ýörelgelerini endik  etmegini  gazanmakdyr. Ynsany halal we ruhubelent  ýaşamaga, mydama  netijeli hereketde  bolmaga  gönükdirmekdir. Onda mukaddes zatlary söýmek, ýaramaz endikleri  ýigrenmek häsiýetini oýarmakdyr. Ata-enäniň alan deri, halal zähmeti, ýagşy gylyk-häsiýetleri perzentler üçin uly mekdepdir. Eşretli zamanamyzda ýaşaýan türkmen maşgalasyna bolsa agzybirlik, halallyk, asudalyk, birek - birege hormat goýmak, ulyny sylamak, kiçini söýmek, sabyr - kanagatlylyk ýaly iň gowy gylyk - häsiýetler mahsusdyr. Ynsan durmuşy, jemgyýetçilik ýaşaýşy, üstünlikleri adamlaryň watana, halka, işine wepalylyk, halallyk ruhunda terbiýelenmegi bilen berk bagly bolup durýar. Halallyk - halal zähmet, ynsaplylyk, ýagşylyk, päklik ýaly düşünjeleriň kemala gelmegini aňladýar. Şonuň üçin hem, nesillermize halallygy öwretmek, halal ýola ugrukdyrmak, ýagty, bagtyýar gelejegiň binýadyny gurup bermekdir. Halallyga gol ýapyp, arassalygy, päkize ynsaplylygy durmuşa ornaşdyrmak päk maksada okgunly döwrebap şahsyýeti kemala getirmekdir.

Beýleki habarlar