Ot­lu­la­ryň gat­naw tiz­li­gi­

17 Dekabr 2022
705

Hä­zir­ki wa­gt­da ýur­dumyzyň üs­tün­den hal­ka­ra ulag-üs­ta­şyr ýük­le­riň geçirilme­gi ne­ti­je­sin­de yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­ler ýo­ka­ry de­re­jä eýe bolýar. Şonuň üçin-de ulag­la­ryň ge­çi­ril­işi­ni, do­landyrylyşyny we saz­la­nyl­yşy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak ze­rur bolup durýar. Dünýä ýüzünde de­mir ýo­luň dö­re­me­gi glo­bal tä­ze­lik bol­dy. Dö­re­di­len gü­nün­den bä­ri her bir döw­let de­mir ýol pu­da­gy­ny ös­dür­mek üçin öz ýo­lu­ny tap­yp, öz me­ha­nizm­le­ri­ni dö­ret­di. Hä­zir­ki wagt­da ýur­duň ösü­şi hem­me­ta­rap­la­ýyn ulag bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. De­mir ýol­la­ryň yk­dy­sa­dy we sy­ýa­sy po­ten­sia­ly ga­ty ulu­dyr we tü­ke­nik­sizdir. De­mir ýol ulag­la­ry ara­gat­na­şy­gy­nyň ösü­şi, şol san­da bu ösü­şiň in­no­wa­si­ýa öl­çe­gi, şeý­le hem döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň me­ha­nizm­le­ri bi­len üp­jün edil­me­gi­niň esas­la­ry we ugur­la­ry, ýe­ter­lik de­re­je­de gur­nal­ýar. Ýur­dy­my­zyň de­mir ýol beketlerinde ýük we ýo­lag­çy ot­lu­la­ryň gat­na­wynyň uly bol­ma­gy bi­len ot­ly ge­çiri­ji­li­gi or­ta­ça he­re­ket bi­len ama­la aşy­ryl­ýar. Beketlerde gur­na­lan teh­no­lo­gi­ki enjamlar ot­lu­la­ry, ka­bul edip, hyz­mat ediş işi­ni tiz wa­gt­da ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge ýar­dam ber­ýär.

Ot­lu­la­ry ka­bul ediş-ug­ra­dyş işin­de san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry peý­da­la­nmak has hem art­dyry­lar. Mu­ňa my­sal edip san­ly prog­ram­ma­lar ar­ka­ly in­ter­net mag­lu­mat­la­ry­ny ulan­mak ýa­ly yl­my tas­la­ma­lar iş­le­ni­lip kä­mil­leş­di­riler. Bu ýagdaý hä­zir­ki wa­gt­da dis­pet­çer mer­ke­zin­de gö­zeg­çi­lik edi­lip saz­la­nyl­ýar. Ýo­lag­çy pe­tek­le­ri­ni in­ter­net ul­ga­my­nyň üs­ti bi­len öý­jük­li te­le­fon­lar ar­ka­ly sa­tyn alyş-tab­şy­ryş iş­le­ri amala aşyrylýar.

Beýleki habarlar