Ykjam telefonlaryň peýdaly aýratynlyklary

10 Oktýabr 2022
1282

eSIM ulgamy. Häzirki wagtda sim-kartasyz telefonlaryň ulanylyşynyň gerimi barha giňeýär. Ulgamy birikdirmek üçin telefon ulgamy nokatlaryna barmak gerek däl, muny islendik ýerden internetiň kömegi bilen birikdirip bolýar. Bu ulgam ulanyjylar hem-de telefon operatorlary, hatda telefon öndüriji kompaniýalar üçin hem peýdalydyr. Sebäbi, birinjiden, telefon sim-kartasy üçin ýörite slot döretmek, ikinjiden, telefon operatorlaryna plastik kartlary öndürmek we goşmaça hyzmat ediş nokatlaryny açmak gerek däl.

QR-kod. Bu ulgamyň mümkinçilikleri örän giňdir. Onuň kömegi bilen onlaýn giňişlikde dürli sargytlary edip bolýar. Mysal üçin, bu ulgam arkaly onlaýn ýagdaýda petekleri alyp, konsertlere, myhmanhanalara, restoranlara ýer bronlap bolýar. Ädim ölçeýji. Kämil telefonlarda we akylly sagatlarda ädim sanyny, geçilen ýoly, bedeniň ýagdaýyny ölçeýän ýörite platformalar bar. «Play Market» we «AppStore» ulgamlarynda şeýle programmalaryň dürli görnüşleri bar. Kompas. Telefonda sanly kompasyň işi gurnalan magnitometre esaslanýar. Häzirki zaman enjamlarynyň hemmesi diýen ýaly şeýle datçik bilen enjamlaşdyrylandyr. Bilşimiz ýaly, kompas hem durmuşda wajyp bolan dürli ýagdaýlarda kömekçi bolup bilýär. GPS. GPS datçigiň esasy maksady obýektiň koordinatlaryny we kartadaky häzirki ýerleşişini kesgitlemekdir. «Family Locator», «GPS Tracking» we «GPS Tracker» programmalarynyň kömegi bilen öz çagalaryňyzyň ýerleşýän ýerlerini, hereketlerini yzarlap bolýar.

Taýýarlan Merjen ALIMOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar