Wagyz-nesihat çäresi

21 Iýun 2022
1390

Maşgala ojagynda çaga terbiýesi

Ýakynda etrabyň Mülkamaşa geňeşliginde TMÝG-niň etrap geňeşi TDP-niň etrap komiteti, TAP-nyň etrap komiteti, TKA-nyň etrap birleşmesi bilen bilelikde oba ýaşaýjylarynyň arasynda “Nesil terbiýesi — maşgalanyň baş galasy” ady bilen wagyz-nesihat çäresini geçirdi. “Gyz eneden görelde almasa, öwüt almaz, ogul atadan görelde almasa, saçak ýazmaz” diýlişi ýaly, nesilme-nesil geçip gelýän pähimler terbiýeçilik mekdebiniň özboluşly ýollaryny goýupdyr. Edep-terbiýäniň ilkinji düzgünleri maşgalada öwredilýär. Çaga asylly terbiýe bermekde esasy şertleriň biri-de maşgaladaky agzybirlikdir. Eneler bizi geljege ruhlandyrýan, güýç-kuwwat berýän beýiklikdir. Şonuň üçin halkymyzyň maşgala ojagynyň geljekki eýeleri boljak gyz çaganyň terbiýesine uly üns berýändigi bellenilip geçildi.

Beýleki habarlar