Dünýe malyna berimsiz baýlyk

16 Iýun 2022
1304

Maşgala bagtyýarlygy, maşgala asudalygy dünýe malyna berimsiz baýlykdyr. Maşgala — bu uly bir institut diýsek-de bolar. Döwlet özüniň raýatlaryny jemläp, bir bitewi ýurdy emele getirýän bolsa, maşgala hem öz agzalaryny jemlemek bilen, şonuň kiçijik şahasyny emele getirýär. Döwletde akylly-başly, ylymly adamlaryň köp bolmagyna bolsa, ilki bilen, maşgala mekdebinde berlen terbiýäniň täsiri uludyr. 

Bir wagtlar bir adam: «Men özümi maşgalamda rahat we şadyýan duýýandygym üçin, işimde we beýleki gatnaşyklarda bolýan kynçylyklary ýeňil kabul edýärin» diýipdir. Abram Linkoln bolsa bu barada: «Eger adam özüni öz öýünde rahat duýýan bolsa, şol adam bagtlydyr» diýip belleýär. Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde maşgalada är-aýalyň hem-de olaryň çaga terbiýesi babatdaky hukuk gatnaşyklary kesgitlenen hem bolsa, är-aýalyň birek-birege hormat goýmaklarynda, özara düşünişip ýaşamaklarynda jemgyýet tarapyndan kabul edilen — ýazylmadyk kadalaryň bardygy hukuk gatnaşyklaryň milli binýadydyr.

Göwher HYDYROWA,
Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Kazyýetiň kararlarynyň kanunylygyna gözegçilik müdirliginiň prokurory, 1-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar