Röwşen geljegiň nury

21 Aprel 2021
1090

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan kuwwatly döwlete öwürmek maksady bilen öňe süren döwlet syýasaty, beýik başlangyçlary, şonuň bilen bir hatarda, konstitusion hukuk binýady kämilleşdirmek babatda durmuşa ornaşdyrýan özgertmeleri milli we döwlet maksatnamalarynyň, meýilnamalaryň öz wagtynda üstünlikli amal edilmegini şertlendirdi. Türkmenistan häzirki wagtda ykdysadyýetiň ähli ulgamlary boýunça yzygiderli ösüşleri gazanýan ýurt hökmünde dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň halk hojalygynyň dürli ulgamlarynda soňky sanlyja ýylyň içinde uly ösüşler gazanyldy. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlan senagat-önümçilik desgalary, sanly tehnologiýalar ulgamyndaky gazanylan üstünlikler ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşlerine kuwwatly itergi berdi. Türkmenistanda gurluşygyň şeýle giň gerimde alnyp barylmagy ykdysady kuwwatyň üpjün edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Gazanylýan ösüşlere hormatly Prezidentimiziň golaýda geçiren ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garalan giňişleýin mejlisinde berlen maglumatlar hem doly şaýatlyk edýär. Mejlisde berlen maglumatlardan mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi içerki önümiň ösüşi 5,9 göterim ýokarlandy. Şol sanda senagat pudagynda 3,9 göterim, gurluşyk pudagynda 0,3 göterim artdy. Ähli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maglumatlaryna laýyklykda, önümçilik geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,2 göterim artdy. Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda bölek-satuw haryt dolanyşygy boýunça görkeziji 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 17,7 göterim artdy. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň» çäklerinde gurluşyk we durkuny täzelemek işleri göz öňünde tutulan 259 desganyň 30-synda gurluşyk işleri tamamlandy, galan 168-sinde bolsa gurluşyk-gurnama işleriniň dowam edýändigi bellenildi. Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 4,1 milliard manada deň boldy. Üç aýda özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň 48,2 göterimi önümçilik, 51,8 göterimi bolsa medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirilendigi habar berildi.

Annamyrat MÄMMEDOW,
«Aşgabat».
Beýleki habarlar