Hünär kämilligi ugrunda

14 Aprel 2021
928

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy tarapyndan öz işine ussat döwlet gullukçylaryny taýýarlamakda möhüm işler durmuşa geçirilýär. Mähriban Arkadagymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan, oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyndan ugur alnyp, akademiýanyň professor-mugallymlary irginsiz zähmet çekýärler.

2021-nji ýylyň aprel-maý aýlary aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Ýewropa Komissiýasynyň «Türkmenistanda döwlet dolandyryşynda adam maýasyny pugtalandyrmaga ýardam» atly taslamasynyň çäklerinde «Döwlet dolandyryşy» ugry boýunça taýýarlanylan magistr okuw maksatnamasy esasynda 72 sagatlyk gysga möhletli synag okuwlary geçirilýär. Okuwlar 2021-nji ýylyň 5-nji aprelinden 15-nji maýyna çenli her hepdäniň duşenbe, anna, şenbe günleri akademiýada, sişenbe, çarşenbe, penşenbe, günleri bolsa ministrlikleriňdir pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň binasynda onlaýn görnüşinde halkara we ýerli bilermenleriň gatnaşmagynda geçirilýär.

Babahan BERDIÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar