Atşynaslygyň ajaýyp däpleri

7 Aprel 2021
799

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda atçylyk pudagyny yzygiderli ösdürmek, onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini hem-de at çapmagyň milli däplerini wagyz etmek boýunça çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanda gurlan häzirki zaman atçylyk sport toplumlary, şeýle hem behişdi bedewleriň we öz ömrüni olary ösdürip ýetişdirmäge, terbiýelemäge bagyşlan türkmen atşynaslarynyňdyr seýisleriniň, ussat çapyksuwarlaryň dünýädäki şöhratyny artdyrmak boýunça geçirilýän işler giň gerimli çäreleriň netijesidir.

Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen atçylyk pudagyny ösdürmek boýunça döwlet derejesinde alnyp barylýan giň gerimli işleriň netijesinde ýurdumyzda behişdi bedewleriň ýetişdirilişi, tohumçylyk-seçgi işleri hem-de türkmen milli seýisçilik sungaty yzygiderli kämilleşdirilýär. Soňky ýyllarda güneşli Diýarymyzda ahalteke bedewleriniň gadymy şöhratynyň täzeden dikeldilendigi buýsançly ýagdaýdyr.

«Aşgabat».
Beýleki habarlar