Täzelikler. Wakalar. Maglumatlar.

1 Aprel 2021
979

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlarynyň netijeleri jemlenildi. Mejlisde saýlawlaryň geçirilişine syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary, raýat toparlary, dalaşgärler tarapyndan bellenilen milli synçylaryň syn etmegi bilen bagly geçirilen işler barada habarlar diňlenildi. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň üstünliklere beslenmeginiň ygtybarly binýady bolan demokratik ýörelgeleri işjeňleşdirmegiň ýolunda möhüm ädime öwrülendigi nygtaldy. Merkezi saýlaw toparynyň mejlisiniň dowamynda başga-da birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy we şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

* * *

Beýleki habarlar