Ýagşy arzuwlara beslenip

31 Mart 2021
849

Ýakynda maýor Söhbet Kömekowyň serkerdelik edýän harby bölüminde täze günüň, täze ýylyň buşlugy bolup dünýä inen taýçanaga hormatly Prezidentimiziň Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli Aşgabat diýip at goýmagyna bagyşlanyp, wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Çärede çykyş edenler ýazlaryň ýaraşygyny özünde jemläp dünýä gelen Aşgabat atly taýçanagyň Akhanyň neslidigini, mälim bolşy ýaly, «Aşgabat — 2017-de» Aziadanyň alawynyň Olimpiýa şäherçesine Akhanda getirilendigini, 2018-nji ýylda iki aýagynyň üstünde çarpaýa galyp, 10 metr aralygy bary-ýogy 4,19 sekuntda geçmegi başaran Akhanyň üstünliginiň Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizilendigini, şeýle hem bu gün onuň taýçanagy — Aşgabadyň paýtagtymyzyň şanly toýuna ajaýyp sowgat bolandygyny uly buýsanç bilen bellediler. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, Ýer ýüzünde parahatçylygyň we ynanyşmagyň pugtalanmagy ugrunda alyp barýan işleriniň hemişe rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Suraý ŞYHMYRADOWA,
 TÝG-niň gullukçysy.

Beýleki habarlar