Döwletimiziň sazlaşykly ösüşinde möhüm wezipeler

29 Mart 2021
833

26-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşyna degişli möhüm meselelere we milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň sazlaşykly ösüşine gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowyň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenleriniň ýurdumyzyň şypahanalarynyň maliýe-hojalyk işleri we bejeriş-sagaldyş kömegini almak üçin berilýän ýollamanamalarynyň bahalary boýunça bilelikde geçiren seljermeleriniň netijeleri barada hasabaty diňlenildi. Hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

«Watan».
Beýleki habarlar