Ýurt taryhynda ilkinji gezek

29 Mart 2021
919

28-nji martda ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de Saýlaw kodeksine laýyklykda, şeýle-de, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň karary esasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçirildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň, paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda geçirilen jemgyýetçilik-syýasy çäre paýtagtymyzda hem-de welaýatlarymyzda säher bilen medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda aýdym-sazly dabaralara beslenip, Döwlet senamyzyň ýaňlanmagynda başlandy.

Ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň mejlislerinde geçirilen jemgyýetçilik-syýasy çäre mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda döwletimiziň demokratik esaslarynyň has-da pugtalanmagyna, hakyky halk häkimiýetiniň berkarar edilmegine gönükdirilen taryhy ähmiýetli waka boldy. Jemgyýetçilik-syýasy çäräniň aýratyn tarapy, bu gezekki saýlawlaryň ýurdumyzda ilkinji gezek gizlin ses bermek hem-de göni däl saýlaw hukugy esasynda geçirilmegidir. Saýlawlara welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň jemi 231-si gatnaşyp, olar degişli saýlaw toparlary tarapyndan hasaba alyndy.

Şaperi OTUZOWA,
öz habarçymyz.
Beýleki habarlar