Welaýat häkimliginde bolan maslahat

29 Mart 2021
813

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şol giň gerimli özgertmeleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, şol sanda oba hojalygynda hem guwandyryjy netijeler gazanylýar. Häzirki döwürde halk hojalygynyň beýleki ugurlarynda bolşy ýaly, bu pudakda hem hususy ulgam barha işjeňlik görkezýär. Ýurdumyzda telekeçilige hemmetaraplaýyn goldaw berilmegi, halk hojalygynyň ähli ulgamlaryna bazar gatnaşyklaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna onuň kuwwatynyň pugtalandyrylmagy döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli amala aşyrýan durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Soňky ýyllarda türkmen telekeçileri halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, obasenagat toplumynda hem üstünlikli işläp, ýokary netijeleri gazanýarlar. Şu günki gün ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň ençeme görnüşini — gök, bakja, miwe we maldarçylyk önümlerini öndürmek bilen meşgullanýan hususyýetçiler ýurdumyzyň ähli welaýatynda näçe diýseň bar. Olar hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlary özümizde öndürmek, şeýle hem daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak barada önüm öndürijileriň öňlerinde goýan wezipelerini üstünlikli çözmäge özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Bularyň ählisi döwlet Baştutanymyzyň hususy ulgama hemmetaraplaýyn goldaw berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Beýleki habarlar