Söýgüli paýtagtym, şatlyk çeşmesi

29 Mart 2021
998

Dynç günleri aýdyň gijeleri gündizden ýagty ak şäherim Aşgabadyň gözel künjeklerine, gür baglyga bürenip oturan, ýaşlaryň söýgüli ýerleri bolan seýilgählere seýran etmek endigime öwrüldi. Töwerek-daşyňy synlap oturyşyňa, gün-günden nurlanýan şäherdäki täsinliklere haýran galýarsyň. Bu gün hem nobatdaky gezelençden soň diňe Aşgabadyň waspy ýetirilen elliden gowrak aýdymlar ýazylan ýazgyny diňledim. Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň, Türkmenistanyň halk artistleri Myrat Sadykowyň, Annagül Annagulyýewanyň, Roza Töräýewanyň, Medeniýet Şahberdiýewanyň we ýene-de birnäçe mahmal sesli ussatlaryň «Aşgabat», «Aşgabadyň agşamy», «Aşgabatly gyz», «Aşgabadyň gyzlary», «Juwan ýaşly Aşgabat», «Aşyklaryň şäheri» ýaly aýdymlary diňläp, «Bä-ä, Aşgabady wasp etmedik ýok bolar-low» diýen joşgun kalbyma ýaýyldy. Söýgüli şäherime bolan buýsanjym hem-de onuň taryhyny bilmek höwesim has hem artdy.

* * *

Ogulbaýram TAGANOWA,
«Zenan kalby».
Beýleki habarlar