Aşgabadyň durmuş düzümi kämilleşdirilýär

26 Mart 2021
952

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

24-nji martda milli Liderimiz iş saparyny amala aşyryp, paýtagtymyzyň işewürlik we durmuş maksatly desgalarynyň kemala gelýän ýeri bolan günorta künjeginde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Ýurdumyzyň baş şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, gurulýan desgalarda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesini utgaşdyrmak we paýtagtymyzyň durmuş düzümini kämilleşdirmäge degişli meseleler döwlet Baştutanymyzyň hemişelik üns merkezinde saklanylýar.

"Nesil".
Beýleki habarlar