Sazlaşykly gözellikleriň ak şäheri

26 Mart 2021
804

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 24-nji martda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, paýtagtymyzyň işewürlik we durmuş maksatly desgalaryň kemala gelýän ýeri bolan günorta künjeginde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Ýurdumyzyň baş şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, gurulýan desgalarda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesini utgaşdyrmak we paýtagtymyzyň durmuş düzümini kämilleşdirmäge degişli meseleler milli Liderimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar.

Döwlet Baştutanymyz ir bilen ak mermerli Aşgabadyň günorta künjeginde sil suwuny sowujy akabalaryň we suw toplaýjy desgalaryň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine geldi.

Beýleki habarlar