Ahalteke bedewi — döwrümiziň ruhy güýji

24 Mart 2021
924

Ýurdumyzda Milli bahar baýramynyň giň gerimde bellenilýän gününde, 22-nji martda säher bilen özüniň boş wagtlaryny sport bilen meşgullanmaga hem-de döredijilik işlerine sarp edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz behişdi bedewler bilen didarlaşyp, döredijilik bilen meşgullandy.

Hormatly Prezidentimize öz seýisläp ýetişdiren, ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewiň ilkinji at taýynyň dünýä inendigi barada buşluk habary ýetirildi. Milli Liderimiz buşlugy uly şatlyk bilen garşylap, täze doglan taýçanagyň boýnuna käbesi Ogulabat ejäniň taýýarlan alajasyny daňdy. Munuň özi ýurdumyzda asyrlar aşyp gelýän dünýä nusgalyk milli ýörelgeleriň döwrebap derejede dowam etdirilmegidir.

«Watan».
Beýleki habarlar