Watançy gerçekler — ýurdumyzyň sarsmaz galasy

24 Mart 2021
898

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025 ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» tassyklap, bu maksatnamanyň çäklerinde geçirilmeli esasy çäreleri makullamagy ýaşlar baradaky aladanyň aýdyň mysalydyr. Elbetde, watançy ýaşlar ýurdumyzyň sarsmaz galasydyr. Edil şu nukdaýnazardan ugur alyp, polkownik Jepbar Akyýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde hem harby gullukçy ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň hünärler boýunça ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrmak bilen bagly çäreler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň gatnaşmagynda guramaçylykly geçirilýär. Harby bölümde ýaş watançylaryň ruhy we beden taýýarlyklaryny üpjün etmek boýunça ýörite hepdelikler, ýagny «Watançylyk hepdeligi», «Düzgün-nyzam hepdeligi», «Sport hepdeligi», şeýle hem «Psihologiýa hepdeligi» ýaly çäreler guralýar. Bu çäreleriň dowamynda harby gullukçylara hünär öwretmegiň häzirki zaman döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly harby bilimi bermegiň we milli däp-dessurlar esasynda terbiýelemegiň täze ölçegleri boýunça sazlaşykly işler alnyp barylýar.

Aslyýetinde, şeýle ajaýyp döwletde, hormatly Arkadagymyzyň saýasynda mähriban halkymyza wepaly nesil bolup ýetişmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Şeýle mukaddes borjy arassa hem päk ýürekden berjaý edýän ýaşlara bu günki gün eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny gorap, ady taryhyň altyn sahypalaryna ýazylan edermen ata-babalarymyzyň gaýduwsyzlyk we mertlik ýollary bilen bekän eziz Diýarymyzyň at-abraýyny belende götermekde uly ynam bildirilýär. Biz hem özümize bildirilýän ynamy netijeli peýdalanyp, ýurdumyzyň mundan-da beýläk ösmegi ugrunda uly işleri alyp bararys.

Miwesoltan JUMAÝEWA,
TMÝG-niň etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar