Ylmy-amaly maslahat

21 Mart 2021
848

Ýakynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň hem-de Daşary işler ministrliginiň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. «Binagärlik sungatynyň taryhy we medeniýeti» diýen at bilen geçirilen wideoaragatnaşyk arkaly ylmy-amaly maslahatda Russiýa Federasiýasy, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Azerbaýjan Respublikasy, Täjigistan Respublikasy, Özbegistan Respublikasy, Ukraina ýaly döwletlerden gelen myhmanlar hem-de türkmen hünärmenleri çykyş etdiler.

Çykyşlarda umumadamzat siwilizasiýasynyň binagärlik sungatynyň taryhy, dürli ýurtlaryň milli binagärlik mekdepleriniň özboluşlylygy, häzirki zaman binagärliginiň aýratynlyklary hem-de paýtagtymyz Aşgabadyň ajaýyp binagärlik keşbi, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan şähergurluşyk maksatnamasy barada gyzykly maglumatlar beýan edildi.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar